05.05.23: TGÝMJ-i ilkinji kömek boýunça talimçileri taýýarlaýar
Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji kömek boýunça tälimçileri taýýarlamak üçin okuw-türgenleşik sapagy geçirildi. Oňa ýurduň ähli welaýatyndan we Aşgabat şäherinden jemi 17 adam gatnaşdy.
Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji kömek boýunça tälimçileri taýýarlamak üçin okuw-türgenleşik sapagy geçirildi. Oňa ýurduň ähli welaýatyndan we Aşgabat şäherinden jemi 17 adam gatnaşdy.
Gyzyl Ýarymaý Mulli jemgyýetiniň işgärlerini bäş güniň içinde ilkinji ruhy goldaw we lukmandan deslapky ilkinji kömek bermekligiň tälimlerini öwretmek okuw kursyny geçmek bilen gözükdirijileri taýýarlandy. Okuw wagtynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasynyň wideo arkaly materiallary we modullary, tälimçiler üçin görkezmeler ulanyldy.
Okuw-maslahaty tamamlanandan soň gatnaşyjylara 40 sagatlyk okuw-maslahatynyň tälimçilik şahadatnamasy berildi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
