Türkmenistanda geçirilen sebitara seminary
Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň gurnamagynda, 2015-nji ýylyň,maý aýynyň 26-28-i aralygynda Hazar deňziniň kenarýakasynda sebitara seminary we ilkinji kömek boýunça tejribe okuwy geçirildi. Şol çärede Gazagystan,…
Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň gurnamagynda, 2015-nji ýylyň,maý aýynyň 26-28-i aralygynda Hazar deňziniň kenarýakasynda sebitara seminary we ilkinji kömek boýunça tejribe okuwy geçirildi. Şol çärede Gazagystan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan döwletleriniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak boýunça toparlary gatnaşdylar. Çäräniň açylyş güni ilkinji kömek boýunça görkezme sergiler gurnaldy. Şol sergä gatnaşan sebitara döwletleriň hersi öz habar beriş maglumatlaryny, gönükdirme serişde –esbaplaryny hödürlediler. Üç günüň dowamynda geçirilen seminarda, gatnaşyjylar Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömek meselelerinde öz hünärleri boýunça tejribe alyşdylar, bilimleri, endikleri we pikirleri bilen paýlaşdylar. Seminaryň maksady diňe bir Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömek bermekligi göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, nätanyş ýagdaýlarda beýleki döwletleriň wekilleri bilen bilelikde işlemegiň usullaryny göz öňünde tutmak boldy. Goşulyşan toparlara agzybirlikde işleşmek başartdy we geçirilen okuw –türgenleşik seminary üstünlikli amala aşyryldy.
Beýleki makalalar
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, halkara ynsanperwer hukuk pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
2024-nji ýylyň başynda, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisinde geljek ýyllar üçin Halkara…
Halkara ynsanperwer hukugyny uýgunlaşdyrmak maksatnamasy hereketde!
Halkara ynsanperwer hukugyny uýgunlaşdyrmak maksatnamasy hereketde!
Bilelikde sagdyn jemgyýeti gurýarys
“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygynyň dabaraly bellenmegi ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynda hem uly goldaw tapdy.
