Golayda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri tarapyndan Daşoguz şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Ynsanperwerlik beýik ýörelge” ady bilen okuw sapagy geçirildi. Ol pederlerimizden miras galan ahlak düzgünleriniň giden bir ulgamydyr.Aslynda ynsanperwerlik diýen düşünje biziň ata-babalarymyzdan gelýän birek-birege hemaýat etmek ýaly beýik adamkärçilik sypatlaryndan ybaratdyr.
Sapagyň dowamynda okuwçylara TGÝMJ-niň döreýiş taryhy barada giňişleýin öwredildi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda meýletinçilik hereketini ýaýbaňlandyrmak, TGÝMJ-niň jemgyýetçilik çärelerine we jemgyýetçilik birleşikleriniň durmuşyna ýaşlaryň we ýaşuly nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmak ýaly maksatlar öňümizde uly wezipe bolup durýar.