Habarlar

    Düzüminde müňlerçe agzalary, meýletinçileri bolan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýan, döwlet edaralarynyň ýakyn kömekçisidir. TGÝMJ-i halkyň saglygyny goramakda, olara durmuş taýdan goldaw bermekde, ýaşlary milli däp-dessurlaryň ruhunda terbiýelemekde we Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde öz saldamly goşandyny goşýar.
    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň 2020-nji ýylyň iş meýilnamasynyň esasynda ýaňy-ýakynda “Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň endikleri we başarnyklary” ady bilen iki günlik okuw-amaly maslahaty geçirildi. Oňa TGÝMJ-niň işgärleri we meýletinçileri işjeň gatnaşdylar. Amaly-okuw maslahatynda adamzat ýaşaýşynda dürli adatdan daşary ýagdaýlarda, tebigy we tehnogen häsiýetli adam saglygyna howp salýan ýagdaýlar dörände ýa-da döremek howpy abananda geçirilmeli çäreler, bu barada düzülen resminamalar, her bir ýerine ýetirilen işleriň amatly usullary barada çykyşlar diňlenildi. Jemgyýetiň welaýat bölüminiň etraplarda hereket edýän şahamçalarynyň wekilleri, dürli ugurlar boýunça işleýän işgäleri we meýletinçileri geçirilen amaly-okuw maslahatynyň dowamynda tebigy we tehnogen häsiýetli adam saglygyna howp salýan ýagdaýlar dörände ýa-da döremek howpy abananda adamlary howply guşaklykdan howpsuz guşaklyga geçirmekde, lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekde taýýarlykly bolmagy üçin dürli amallary ýerine ýetirip öz başarnyklaryny görkezdiler.

 

 

Yanwar 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 31 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
4157700
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2112
3757
45124
94698
4157700

Siziň IP: 3.238.70.175
2021-01-20