Habarlar

     Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy barada meseleler döwletiň ileri tutuýan ugurlarynyň biridir. Şu günler möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin ähmiýeti uly bolan wagyz-nesihat çäreleri yzygider geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň  Türkmenbaşy etrap şahamçasy tarapyndan “Il saglygy – ýurt baýlygy” atly mowzuk bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 7-nji orta mekdebinde geçirildi.
    Çärede häzirki wagtda howada adam bedenine ýaramaz täsir edýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli ýokuşyp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almakda agyz-burun örtüklerini dakynmagyň peýdalydygyny, agyz-burun örtükleriniň dakynylyş usullary we wagtyna çalşyp durmak barada aýratyn bellenip geçildi. Jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklamagyň saglygy goramagyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy. Bedeniň kesele garşy ukybyny ýokarlandyrýan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak maslahat berildi.

Yanwar 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 31 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
4143951
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2744
4021
31375
94698
4143951

Siziň IP: 3.239.51.78
2021-01-16