Habarlar

   ,,Gyş pasly ýiti respirator ýokanç keselleriň köpelýän wagty. Bu keseller howa-damja ýoly bilen adam bedenine aralaşyp, esasan dem alyş ýollaryna zeper ýetirýär. Kesellän adamlaryň gyzgyny ýokarlanyp, gowşaklyk, ysgynsyzlyk peýda bolýar. Käbirleri asgyryp, bokurdagy agyryp, sesiniň gyrylmagy, üsgürmegi, endamynyň agyrmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bu ýagdaýlar ýüze çykanda özbaşdak bejergi almakdan saklanmaly we haýal etmän maşgala lukmanyny çagyrmaly” – şeýle çykyşlar bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň işgärleri we meýletinçiler ilatyň arasynda öňüni alyş çarelerini geçirýärler. Olar ýaşaýjylara - ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin şahsy arassaçylygyň düzgünlerini dogry berjaý etmekligi, pasla görä geýinmekligi, otaglarda zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini geçirmekligi we otaglaryň howasyny çalyşmaklygy maslahat berýärler. Welaýat bölümi öz alyp barýan işlerini welaýatyň Saglygy goraýyş işgärleri bilen hyzmatdaşlykda geçirýärler.
    Berkarar Döwletiň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň il ýurt bähbitli alyp barýan işlerine jogap edip, Biz hem, öz zähmetimiz bilen adam saglygyny goramaklyga goşant goşjakdygymyzy ynandyrýarys” –diýip TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölüminiň şepagat uýasy Güljan Seýitmyradowa buýsanjyny beýan edýär!

Yanwar 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 31 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
4157772
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2184
3757
45196
94698
4157772

Siziň IP: 3.238.70.175
2021-01-20