Habarlar

     Türkmenistanyñ Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Gumdag şäher şahamçasynyň “Nesil” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri we ýerli şahamça wekili tarapyndan “Baýlygym – baş saglygym” atly Gumdag şäheriniñ 2-nji orta mekdebiniñ okuwçylarynyñ arasynda baýramçylyk çäresini gurnadylar. Çärede meýletinçiler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň adam saglygy barada edýän atalyk aladalary, ýurdumyzda ýaşlary sporta ugrukdyrmakda görülýän çäreler barada çykyş etdiler. Saglyk hakynda dürli temalary, wakalary, köpçülik ýerlerde, maşgalada özüňi nähili alyp barmalydygy dogrusynda çekişmeler guradylar. Meýletinçiler, häzirki döwürde ýokanç kesellerden goranmagyň ýollaryny wagyz etmekde öz ukyplaryny beýan etdiler. Jemgyýetiň sagdyn durmuş, ynsanperwerlik, adatdan daşary ýagdaýlarda özüni alyp barmagyň endikleri boýunça wagyz-ündew işlerini geçirdiler. Çärede, her bir okuwçy we meýletinçi Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt barada edýän atalyk aladasy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň işleriniň mundan beýläkde rowaç almagyny arzuw etdiler.

Yanwar 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 31 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
4157872
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2284
3757
45296
94698
4157872

Siziň IP: 3.238.70.175
2021-01-20