Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň arasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirdiler.
Bu çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň aýdylan her bir parasatly sözleri biziň ýüreklerimizde aýdym bolup ýaňlanýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Halkara Bitaraplyk gününiň dünýäde parahatçylygy we hoşniýetliligi pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bitaraplyk derejä eýermek bilen halkara gatnaşyklarynda döwletleriň arasynda parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda, hoşniýetli goňşuçylygy has-da berkitmekde merkezi Aziýa sebitinde esasy orun eýeleýär.
Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde ata Watanymyzyň gülläp ösüşini, parahatçylygy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlanýar. Çünki dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr! Çäräniň soňunda gatnaşyjylar il ýaşulusy bilen aýratynlykda söhbetdeş bolup, durmuş tejribesini diňlemäge mümkinçilik aldylar.