Habarlar

      “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylymyzda türkmen halky eziz Watanymyzyň hemişelik milli senenamasynyň nobatdaky şöhratly senesini baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny bellemäge uly ruhybelentlik bilen taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň ählumumy ösüşi gazanmakdaky orny aýratyn uludyr. Türkmenistanyň baky Bitarap ýurdunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretini görüp, ak arzuwlar bilen ümzükleri öňe bolan ýaş nesilleriň watana, halkyna wepaly bolup, zähmeti, topragy söýmegi, döwrebap bilim almagy, ylym dünýäsine aralaşmagy, her bir işde ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegi üçin, hemişelik baky Bitarap ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilendir. Bu döredilen mümkinçilikleriň ählisiniň aňyrsynda Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary dur. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegi üçin çagalar baglarynda çagalaryň, mekdeplerde okuwçylaryň, mugallymlaryň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, ýörite orta mekdeplerde okaýan talyplaryň arasynda ,,TGÝMJ-niň taryhy döreýşi we alyp barýan ynsanperwer işleri, TGÝMJ-niň AWB-ne ýaş höwesjeň meýletinçileri çekmek atly wagyz-nesihat okuw sapaklary geçirilýär. Geçilýän okuw sapaklaryň netijesinde ýaşlar özleriniň ynsanperwerlik duýgularyny ýüze çykarmak bilen, özara aragatnaşyk döredýärler we hoşniýetli hyzmatlaryny meýletin ýerine ýetirýärler. Bu bolsa meýletinçi ýaşlara özlerini görkezmeklige, öz erk-islegine esaslanyp, döredijilik zehinlerini açmaklyga uly mümkinçilik berýän işdir.

Yanwar 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 31 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
4147517
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2433
3877
34941
94698
4147517

Siziň IP: 3.238.70.175
2021-01-17