Habarlar

      Hormatly Prezidentimiziň türkmen halky baradaky edýän aladalarynyň netijesinde, ýurdumyzda, raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilen ägirt uly mümkinçilikler döredilen. Adam saglygy ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
       Ynha, TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölüminiň işgärleri hem, ýiti respirator keselleriň öňüni almakda ýurdumyzda alnyp barylýan öňüni alyş çärelerine öz goşantlaryny goşýarlar. Ilatyň arasynda wagyz işleri geçirilende, raýatlara, respirator keseliň alamatlary ýüze çykanda haýal etmän maşgala lukmanyna ýüz tutulmalydygy, köpçülik ýerlerine barmakdan saklanmalydygy, şol sanda, agyz-burun örtügini dakynmaklygyň, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý edip, ýygy- ýygydan elleri sabyn bilen ýuwmaklygyň wajyplygy düşündirilýär. Şol bir wagtda, bedeniň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrmak üçin sport bilen meşgullanmaklyk we iýmitde witaminlere baý bolan gök önumlerini ulanmaklyk maslahat berilýär. Her bir adamyň saglygy ilki bilen onuň durmuş endiklerine baglydyr. Sagdyn durmuş endikleri saglygyň girewidir!

Yanwar 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 31 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
4157687
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2099
3757
45111
94698
4157687

Siziň IP: 3.238.70.175
2021-01-20