Ula hormat goýmak türkmen halkynyň milli häsiỳetine mahsusdyr. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymlaryna daýanýan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, alyp barýan işleriniň esasy bölegi ýaşuly adamlara hemaýat-goldaw goluny uzatmaklygy, ýaşlara türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerligiň, mähremligiň, nesilden- nesile geçip gelýän ata-babalardan miras galan iň ajaýyp däplerinde terbiýe bermekligi ynsanperwerlige gönükdirilen maksadyny kesgitleýär.
Ynha bu gün, ýaşulularyň Halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, A. Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde dabaraly çäre geçirdiler. Çärede çykyş eden ýaşulularymyz ýaşlara öz zähmet ýollary barada gürrüň beridiler. Olar, biziň halkymyzyň şu günki durmuşynyň türkmeniň asyrlar boýy arzuwlap ýeten durmuşydygyny öz ýatlamalarynyň üsti bilen düşündirdiler. Ýaşulular, watansöýüjilik, ruhubelentlik ýaly häsiýetler her bir adamyň durmuşynda wajyp ornunyň bardygyny belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda mugallymçylyk mekdebiniň folklor toparynyň aýdym-sazly çykyşy gurnaldy.
Dabaranyň soňunda, ýaşululara TGÝMJ-niň adyndan sowgatlar gowşuruldy. Jemgyýetiň meýletinçileri kümüş saçly enelerimize ak ýaglyk sowgat berip, olaryň öwüt-ündewlerini özlerine ýörelge hökmünde aljakdyklaryny ynandyrdylar.