Habarlar

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy. Şäherlerimiziň, obalarymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň sanynyň köpelmegi her bir türkmen maşgalasynda diýen ýaly dürli görnüşli ýeňil ýa-da ýük awtoulaglarynyň bolmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýollarda awtoulagyň köpelmegi, ulag gatnawlarynyň artmagy sürüjileriň we pyýadalaryň has ünsli bolmagyny talap edýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy’’atly çäreleri biraýlyk geçirmek asylly däbe öwrüldi.
     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi, Türkmenabat şäherindäki orta bilim mekdeplerinde, çagalar baglarynda, edara-kärhanalarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýatynyň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň hem-de harby awtomobil gözegçilik gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat çäreleri geçirildi we diňleýjilere mowzuga degişli neşir önümleri paýlanyp berildi. Çärede nurana ýollarymyzda hereketiň howpsuz bolmagyny üpjin etmekde sürüjileriň, pyýadalaryň şonuň ýaly-da beýleki herekete gatnaşyjylaryň üstüne uly jogapkärçiligiň düşýandigi sebäpli, hemmeleri ýol hereketlerinde ünsli bolmaga çagyryldy.

Yanwar 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 31 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
4147732
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2648
3877
35156
94698
4147732

Siziň IP: 3.238.70.175
2021-01-17