2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň ilkinji günlerinden başlap, ,,Ýol hereket howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy“ atly biraýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy bilen bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň, şeýle-de ,,Türkmenawtoulaglary“ agentliginiň sürüjileriniň arasynda, ýollarda howpsuzlygy üpjün etmekde ýol hereketine gatnaşyjylaryň orny barada gürrüňdeşlik geçirildi. Geçirilen çäreleriň dowamynda talyp ýaşlaryň bidüzgünçiliklerden daşda durmaklary we ýollarda howpsuzlygyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmekleri maslahat berildi. Talyp ýaşlar hem, öz nobatlarynda wagyz-nesihat gurnaýjylara öz minnetdarlyklaryny bildirip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny doly we dürs berjaý etjekdiklerini ynandyryp, geljekde, ýokary bilimli hünärmenler bolup, halkymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişjekdiklerini buýsanç bilen beýan etdiler.