Habarlar

    Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurduna öwrülen döwletimizde häzirki wagtda raýatlarymyzyň saglygyny goramakda, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini üpjün etmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ruhy we beden sagdynlygy ynsan durmuşyndaky esasy gymmatlyklaryň biridir. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň jogapkär işgärleri tarapyndan sentýabr aýynyň 8-11 aralygynda welaýatyň Çärjew we Dänew etrap geňeşlikleriniň bilim işgärleriniň, polisiýanyň ýerli wekilleriniň, polisiýanyň ýangyn howpsuzlygy gullugynyň we etrap häkimlikleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda “Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň maksadyny we usullaryny öwretmek” boýunça iki günlik okuw-maslahaty geçirildi. Ýaş tapawudyna garamazdan her bir adamyň durmuşynda gabat gelip biläýjek döwük-ýenjiklerde, bogulmalarda, zäherlenmelerde, ýanyklarda, zäherli ýylanyň çakmagynda, mör-möjekleriň ýa-da haýwanlaryň dişlemeginde, ýürek-öýken reanimasiýasynda we tok urmagynda ejir çekene ilkinji gaýragoýulmasyz kömegi bermegiň ýollary diňleýjilere prеzentasiýalar we tejribeler arkaly giňişleýin öwredildi. Okuw-maslahatyň barşynda diňleýjileriň ýokarda ady agzalan mowzuklar boýunça sowalnamalar arkaly bilimleri barlanyldy. Ýol-ulag hadysalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda we görnüşine garamazdan ähli edara-guramalarda duş gelýän her bir ýagdaýyň üstünde aýratyn durlup geçildi, bolan hadysada lukmanlar gelmezinden öň lukmançylykda ulanylýan serişdeler tapylmadyk halatynda gol aşagynda bar zatlardan ýerlikli we dogry peýdalanmagyň usullary görkezildi. Adamyň ömrüni halas edip, saglygyny gorap saklamaga gönükdirilen kömegi bermegiň dogry ýollaryny bilmek her birimiziň borjumyzdygy nygtalyp geçildi. Her birimiziň sagdynlygymyz-jemgyýetimiziň sagdynlygy, Jemgyýetiň sagdynlygy bolsa biziň döwletimiziň abadanlygy we baýlygydyr.
   Ýurdumyzda halk bähbitli işleri alyp barýan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işi halkymyzyň durmuşy bilen aýrylmaz bagly bolup, saglygy goraýyşda, durmuş üpjünçiligi ulgamynda bilimde we ýaşlary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde saldamly goşant goşýar. Ynsanperwerlik bolsa ata-baba eýerip gelýän ahlak ýörelgeleriň biridir.

 

Yanwar 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 31 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
4147487
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2403
3877
34911
94698
4147487

Siziň IP: 3.238.70.175
2021-01-17