Habarlar

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymatyna daýanyp, TGÝMJ-i ynsanperwerlik ýörelgelerini dowamly ýerine ýetirýär. Raýatlaryň arasynda sagdyn durmuşyň ähmiýeti, ýurdumyzyň rowaçly ösüşleri we özgertmeleri giňden wagyz edilýär. Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin ýerine ýetirilmeli çäreler barada gürrüňdeşlik geçirilýär we şu aşakdakylar maslahat berilýär:
* Howanyň üsti bilen dürli tozan bölejikleriniň dem alyş ýollaryna düşmeginiň öňüni almak üçin agyz-burun örtügüni dakynmak zerurdyr.
* Birek-birek bilen habarlaşanyňyzda, ýa-da köpçülik ýerlerine baranyňyzda, 2 metrden az bolmadyk araçägi saklamaly.
* Asgyranyňyzda,üsgüreniňizde agzyňyzy-burnuňyzy bir gezek ulanylýan el ýaglyk bilen ýapmaly.
* Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly we çagalara el ýuwmagyň düzgünlerini öwretmeli.
* Elleşip salamlaşmakdan, güjaklaşmakdan gaça durmaly.
* Witaminlere, minerallara baý bolan gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli.
* Köpräk suw içmeli (günüň dowamynda 2-2,5 litre golaý).
Geçirilýän çäreler halk köpçüligi tarapyndan uly gollanma we düşünjelik bilen kabul edilýär. Her çäräniň soňunda keselleriň öňüni almak boýunça habar beriş çap serişdeleri paýlanylýar.

Yanwar 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 31 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
4147669
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2585
3877
35093
94698
4147669

Siziň IP: 3.238.70.175
2021-01-17