,,Türkmenistan-Bitarаplygyň mekany” ýylynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini maksat edinmek hemmämiziň borjumyz bolup durýar. ,,Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” şygary bilen her ýyl geçirilýän biraýlygyň esasy maksady, raýatlara ýol hereketiniň düzgünlerini doly-dogry berjaý edilmegi müňlerçe adamlaryň saglygyny, galybersede omrüni saklamaga mümkinçilik berýändigini ýene-de, bir gezek ýatlatmak işleýäris. Biziň ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda dürli ulaglar hereket edýär. Ýollarymyz, ýolyşyklary we her dürli belgiler bilen doly üpjün edilen. Ol belgileri gowy öwrenmek, bilmek bizi her hili howp-hatarlardan, ýol hadysalardan gorar. Şonuň üçin biz, köçe ýol hadysalaryndan ägä bolmalydyrys. Emma, ýol hadysalaryna duçar bolnanda, biziň her birimiz lukmana çenli ilkinji kömegi bermekligiň endiklerini bilsek, onda biz ýol hadysalarynda ejir çeken adamy dürli gaýryüzülmelerden halas edip bileris.
TGÝMJ-de lukmana çenli ilkinji kömegi bermekligiň endiklerini öwretmek boýunça ýörite okuwlar gurnalýar. Okuwlarda tiz kömek (03) gullugyny çagyrylyş usullary, ejir çeken adama ruhy goldaw bermekligiň we lukmana çenli ilkinji kömek bermekligiň kadalary öwredilýär.
Sagdyn bolmak, birek-birege düşünjeli, mähirli çemeleşmek, açykgöwünlilik biziň geljegimizi gülleder!