Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 45-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde guramagynda “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek we olara jogap bermek boýunça ýerli mümkinçilikleri güýçlendirmek taslamasy” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň dowamynda mekdep okuwçylary adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömegiň berlişi, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp çykmagyň tertibi hem-de bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagyň usullary barada bäsleşdiler. Bäsleşigiň jemleri emin agzalarynyň kararlary esasynda jemlenip, üstünlikli çykyň edip ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna diplomlar hem-de gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.