Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanjak “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem şeýle ykbal özgerdiji beýik tutumlaryň üstünliklere beslenmegi munuň buýsançly subutnamalarydyr. Şunuň ýaly taryhy özgertmeleriň eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gazanjak köptaraply üstünlikleriniň, eýelejek belent sepgitleriniň gözbaşy bolup hyzmat etjekdigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýlap alan rowana ak ýoly bilen röwşen geljegine tarap okgunly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde durmuşa geçirilýän hem-de bagtyýar geljegimizi nazarlaýan, ylmy esaslandyrmalara daýanýan, merdana halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen şunuň ýaly beýik tutumlar biziň her birimizi diýseň begendirýär, guwandyrýar. Şeýle taryhy wakalara baý ajaýyp zamanada biz hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň meýletinçileri bilen bilelikde halk jöpçüliginiň arasynda Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleri, ösüşleri, Halk maslahatynyň geçiriljek dabaraly günleri barada yzgyderli wagyz-nesihat çärelerini geçirilip durýarys. Sebäbi biz Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämiziň çäklerinde amala aşyrylýan şeýle öňdengörüjilikli tutumlaryň her biriniň düýp özeninde özümiziň bagtyýar durmuşymyzy görýäris. Şonuň üçinem biz özümiziň abadan şu günümiz, röwşen geljegimiz barada döwlet derejesinde dünýä nusgalyk aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerimizi aýdýarys.Ýurt Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň ägirt uly şert-mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanyp, berkarar Watanymyzy ösüşleriň täze derejelerine ýetirmekde hem-de türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde alyp barýan ägirt uly taryhy tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
