Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri tarapyndan Daşoguz şäherindäki çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda haýwanat dünýäsi barada gyzykly okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapaklaryň dowamynda meýletinçiler çagalara öý we tokaý haýwanlarynyň dürli görnüşleri barada ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda gyzykly we düşnükli maglumatlar berdiler. Şeýle hem haýwanlaryň suratlary görkezilip, olaryň atlary, ýaşaýan ýerleri we nähili ses çykarýandyklary barada gürrüň edildi. Çagalar sapaga uly gyzyklanma bilen gatnaşyp, dürli haýwanlary suratlary boýunça tanamaga, olaryň atlaryny aýtmaga we çykarýan seslerini tapawutlandyrmaga synanyşdylar. Şeýle gyzykly we öwrediji çäreler körpeleriň daşky gurşaw baradaky düşünjelerini giňeltmäge, tebigata we haýwanlara bolan söýgi hem-de alada duýgusyny ösdürmäge ýardam berýär.


