Ýigit hojalyk jemgyýetiniň 100 golaý sürüjileriniň arasynda hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi.
Ýigit hojalyk jemgyýeti zähmet çekýän sürüjileriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak olaryň wezipe jogapkärçiliklerini artdyrmak zahmet howpsuzlyk kadalaryny kämilleşdirmek maksady bilen 2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň, TGÝMJ-niň hünärmenleriniň gatnaşmagynda çäre gurnaldy.
Bu çärede sürüjilere ýol herekiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we sürüjileriň hukuk medenýetini osdürmek barada birnäçe maglumatlar berildi şeýlle-de uzak ýola gidilende iýmit önümleriniň saklanyşy sanitar gigiýeniki kadalary arkaly hil hem-de howpsuzlugy üpjin etmek, nädogry iýmitlenmek we onuň gaýraüzülmeleri barada gyzykly gürrüňdeşlik geçirildi.
TGÝMJ-iň hünärmenleri bolsa jemgyýetiň alyp barýan işleri barada 100 ýyllygyň dowamynda ýerine ýetirlen işler barada ýetilen sepgitler bilen sürijileri duýgulandyrdylar. Ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda jemgyýetiň ilat arasynda alyp barýan wagyz –nesihat işleriniň uly bähbide eýedigine belläp geçdiler, şeýle-de adatdan daşary betbagtçylykly ýagdaýlarda ýol hadysalaynda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça master –klaslar geçirildi.
Maslahatyň ahyrynda bize şeýle giň mümkinçilikleri we yzygiderli goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny we hoşallyklaryny bildirdiler.



