Parasatly pederlerimiziň durmuş ýolundan ugur alyp, Ak bugdaý etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 6-njy synplarynyň arasynda TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümi tarapyndan wagyz- nesihat çäresi gurnaldy.
Onda häzirki zaman türkmen maşgalasynda nesil terbiýesi barada, maşgalada çaganyň edebiniň nähili ornunyň bardygyny, maşgala gymmatlygy barada giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de diňe bir, maşgalada bolman, eýsem, daş-töwerekde hem,özüňi dogry alyp barmalydyklary barada nygtaldy. Jemgyýet tarapyndan geçirlen bu wagyz çäresi ýaş nesilleriň ýadynda galar ýaly dürli mysallaryň oýunlaryň şorta sözleriň üsti bilen geçirdi. Jemgyýet ýaş nesiliň özlerini dogry alyp barmagyna hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginiň aladasyny edýär.
