2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň batly gadamlary bilen halkymyzyň milli-ruhy bitewüligi dünýa  dabaralanýar. Ýurdumyzda  her  ýylyň aprel  aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden  bellenilip geçilýän Bedew baýramy mynasybetli TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölüminiň Ak bugadaý  etrabynyň 27-nji orta  mekdebinde çagalaryň arasynda  “Bahara görk beren-behişdi bedew” atly wagyz-nesihat çäresi gurnaldy.

Çäräniň dowamynda okuwçylar türkmen halkynyň iň uly döwletli tutumlarynda ahalteke bedewleri barada  giňişleýin maglumat  aldylar.  TGÝMJ-iň taryhynda ahalteke bedewleriň kömek bermekde ilkinji  ulag  serişdesi  hökmünde  ulanylandygy barada aýdyp  geçildi. Çagalar  Ahal-teke bedewleri  barada birnäçe  soraglardan soň  adamyň taryhynda mynasyp ornunyň bardygyna has hem göz ýetirdiler.

   Goý, hemişe bedewlerimiziň aýaklary ýuwrük bolsun! Türkmen iliniň döwleti yrylmasyn! Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsyn!