Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Halkara Ynsanperwerlik hukugynyň hünärmeni harby gullukçylaryň arasynda çäre geçirdi. Halkara ynsanperwerlik hukugy barada geçirilen çäre, ýaş esgerleriň arasynda parahatçylyk medeniýetini ynsanperwerlik ýörelgelerini we halkara kadalaryny öwretmäge gönükdirilýär. Dünanyň mirasy we Salferino söweşinden gelip çykýan ynsanperwerlik başlangyçlary barada aýdyp geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň alyp barýan döwlet syýasatynda Halkara ynsanperwerlik hukugy diňe bir kadalarynyň toplumy däl eýsem ýurdyň bitaraplyk derejesiniň  we parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan esgerler  Eziz Diýýarymyzyň ähli babatda gülläp ösmegini arzuw etdiler.