“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen Saglyk aýynda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň 2026-njy ýylyň iş meýilnamasy esasynda aprel aýynyň 1-30-y aralygynda ýurdumyzda yglan edilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriň bir aýlygynyň çäklerinde beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýyzygiderlikde edara-guramalarda, orta mekdeplerde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport bilen baglanyşykly wagyz-nesihat duşuşyklary, sport bäsleşikleri geçirilýär. Şeýle-de wagyz-nesihat duşuşyklaryň dowamynda sportuň saglyga uly peýdasynyň bardygy we dogry iýmitlenmek barada aýdylýar. Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi hem agzybir işgärleriň we meýletinçileriň gatnaşmagynda sportuň dürli gornüşleri boýunça çäreleri geçirdi. Geçirilen sport oýunlarynda işgärler we meýletinçiler özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Işgärler we meýletinçiler küşt, şaşka we basketbol ugry boýunça ýaryşdylar.



