2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Merkezi edarasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Bitaraplyk doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz” atly dabaraly maslahat geçirildi. 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhuna beslenen bu çäre, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň dabaralanmasyna öwrüldi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde eýeleýän ornuna, ýurdumyzyň parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekdäki taryhy başlangyçlaryna aýratyn üns çekdiler. Maslahatda Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň bir bitewüligi, döwletimiziň dünýä halklary bilen doganlyk we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki işjeň orny, şeýle-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bu ugurdaky alyp barýan işleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy giňişleýin beýan edildi.
Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara abraýymyzyň belende galmagynda we ynsanperwer diplomatiýamyzyň dabaralanmagynda uly tagallalar edýän ýurt Baştutanymyza öz sagbolsunlaryny aýtdylar hem-de Türkmenistanyň saýlap alan Bitaraplyk we doganlyk ýolunyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenjekdigini nygtadylar.

