Bu ýyl ýurdumyz möhüm taryhy senäni — Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Bu baýramçylyk parahatçylygy, durnuklylygy we döredijiligi alamatlandyrýar. Bu möhüm wakanyň öňüsyrasynda biziň ỳolbaşçymyzyñ üstünlikleriniň iň ýokary derejede ykrar edilmegi aýratyn begendirijidir.
Üstünligiň we ygrarlylygyň nyşany Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli baýrak almak Maral Ataýewnanyň diñe şahsy üstünlikleriniň ykrar edilmeginden has köp zatdyr. Bu onuň köp ýyllyk yhlasly işiniň, hünär borjuna ygrarlylygynyň we jemgyýete peýda getirmek üçin tüýs ýürekden edýän isleginiň subutnamasydyr. Onuň ýolbaşçylygynda Gyzyl Ýarymaýyñ Balkan welaýat bölüminiň topary Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysady we sosial kuwwatyny pugtalandyrmaga öz goşandyny goşýar.
Hemmämiz üçin Marala Ataýewna häzirki zaman lideriniň nusgasydyr: paýhasly, maksada okgunly we öňdengörüji. Onuň täze çemeleşmeleri milli däp-dessurlara çuňňur hormat goýmak bilen utgaşdyrmak ukyby bize ajaýyp netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Biz her bir sylagyň arkasynda ägirt uly jogapkärçiligiň we Türkmenistanyň asuda asmanynda işimiziň gülläp ösmegini üpjün etmek üçin bagyşlanan ukusyz gijeleriň bardygyny bilýäris. TGÝMJ-niñ BWB-niñ agzybir işgärleri Maral Ataýewnany bu hormatly baýrak bilen tüýs ýürekden gutlaýar!


