2025-nji ýylyň 18-21-nji noýabry aralygynda Şweýsariýanyň Gyzyl Hajynyň wekili N.Derbishaliyew, Gyrgyzystanyň Gyzyl Ýarymaýynyň N.Duisheeva, we Gazagystanyň Gyzyl Ýarymaýynyň wekili A.Kalmagalbetowa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetinde (TGÝMJ) "Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek" atly taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik we baha bermek maksady bilen saparda boldular.
Saparyň dowamynda iki sany: Aşgabat şäherindäki "Jeýhun" meýletinçiler merkeziniň we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki "Alada" meýletinçiler merkeziniň meýletinçileri bilen duşuşdylar. Meýletinçiler myhmanlara TGÝMJ-niň çäklerindäki alyp barýan işleri barada jikme-jik gürrüň berdiler, şol sanda ýaşuly raýatlar we maýyplygy bolan adamlar üçin sosial işler, serişde toplamak (fundreýzing), bilim beriji çäreler, milli we halkara çärelere gatnaşyk, ekologiýa kampaniýalary we ş.m. barada prezentasiýalary we wideorolikleri görkezdiler.
Saparyň ahyrynda taslamanyň netijeleri jemlendi. Gatnaşyjylar Türkmenistanda meýletinçiligiň ösdürilmeginde gazanylan öňegidişligi, meýletinçilerimiziň işjeň üstünlikli gatnaşandygyny, olaryň döredijiligini we başlangyjyny belläp geçdiler. Şeýle hem, TGÝMJ-niň çäklerinde meýletinçilik işini geljekde has-da ilerletmek boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy.

