Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümine meýletinçilige çekmek üçin, Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy tehniki hünär okuw mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň, meýletinçileriň  we mugallymlaryň gatnaşmagynda ,,TGÝMJ-niň taryhy döreýşi we alyp barýan işleri” ynsanperwer işlerinde meýletinçileriň goşýan  goşandy barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Geçirlen çäräniň esasy maksady Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmekden  ybarat bolup, ýaşlar bilen meýletinçilik barada sorag- jogap arkaly olaryň jemgyýete  goşýan goşantlarynyň gymmatlygy we wajyplygy barada  giňişleýin gyzykly gürrüňdeşlik geçirildi. Ýaş nesliň ynsanperwer adamlar bolup ýetişmekleri üçin Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän atalyk aladasyny durmuşa geçirmekde öz goşandymyzy goşarys.

 

TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölüminiň  Ýaşlar, meýletinçiler

we agzalar işi boýunça hünärmeni                                               A.Öwezowa