Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi, Ahal welaýtynyň  Ak bugdaý etrabynyň çäginde  “Adamlaryň Türkmenistana  gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen halatynda, olara wagytlaýyn  goragyň berilmegi bilen bagly welaýatyň çäginde döräp biljek adatdan daşaryýagdaýlary ýok etmek” atly tälim beriş okuwy  geçirildi. Beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  Ahal welaýat bölüminiň işgärleri  “Bosgunlary kabul etmek” boýunça  alan tälimlerini iş ýüzünde görkezdiler. Serhedi geçip gelen bosgunlary wagytlaýyn çadyr öýler bilen üpjün etmek, olary hasaba almak, arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, saglyk ýagdaýlaryny barlamak, arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün etmek ýaly amaly okuwy geçirildi. Şeýle tälim beriji okuwylaryň yzygiderli geçirilmegi, adatdan daşary ýagdaýlarda bosgunlary kabul etmäge  taýýarlygy ýokarlandyrýar.