Şu gün Türkmenistandan üçünji uçar Türkiýedäki ýer titremelerinde ejir çekenlere ynsanperwerlik ýardam kömegi iberildi.

Şu wagta çenli Türkmenistan ilkinji bolup kömek berýän  ýurtlaryň biri boldy. 7-nji fewralda 10 lukman  hem-de derman serişdeleri  ýyly egin eşikleri  Türkiýe döwletine  ugradyldy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr  sahabat  gaznasynyň  adyndan, Türkiýä döwletine  ýer titremesinde ejir çekenlere kömek bermek isleýän jemgyýetçilik guramalaryndan, kompaniýalardan we raýatlardan ynsanperwerlik kömegi ýygnalyp ikinji uçar bilen ugradyldy.