BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

Habarlar

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-ne «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti , Körler we kerler jemgyýeti we Ýaş Tebigatçy edaralaranynyň guramasynda konsert geçirildi. Konsert eşitmek, görmek we gürlemek ukyby bolmadyk adamlaryň çykyş etmeginde guraldy. Şeýle-de konserde birnäçe edaralardan myhmanlar, meýletinçiler we raýatlar gatnaşdy. Eşitmegi, gürlemegi we görmegi ukyby bolmadyk adamlar özleriniň ukyplaryny konsertde görkezdiler. Olaryň birnäçesi aýdym aýtdylar, tans etdiler we öz düzen goşgularyny okadylar. Şeýle-de, çäräniň dowamynda ýarmarka hem geçirildi. Ýarmarkada  eşitmek, gürlemek we görmek ukyby ýok  adamlaryň el işleri, ýasan birnäçe zatlary görkezildi. Ýene bir bellemeli zatlaryň biri, ol hem çäräniň dowamynda meýletinçiler tarapyndan, gelen adamlara çaý we kofe paýlanyldy. Munuň paýlanylmagynyň esasy maksady- çaý we kofe paýlanylanda ony soramak üçin meýletinçileriň öwredýän eşitmek, gürlemek we görmek ukyby bolmadyk adamlaryň üm, hereketler dili esasynda çaý-kofeni sorap almakdy. Çäräniň geçirilmeginiň esasy maksady hem eşitmek, gürlemek we görmek ukyby bolmadyk adamlaryň ähli raýatlar bilen deňligini görkezmek we bikldirmekdir.
Çäräniň ahyrynda çärä gatnaşan işjen meýletinçilere Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti tarapyndan birnäçe şahadatnamalar gowşuryldy. Çäre, ýagny konsert «Meýletinçiler»  barada aýdymlar bilen tamamlandy.

 

 

 

 

Iyun 2023
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 31 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 1 2
8533127
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
25976
26709
272483
606278
8533127

Siziň IP: 3.235.147.50
2023-06-10