BAŞ SAHYPA

   Türkmenistanyň Gyzyl Ýärymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde şu günlerde eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edara kärhanalarda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni alyş çäreleri, zyýanly endiklerden daşa durmak, bedenterbiýe we dogry iýmitlenmek hakynda düşündiriş işlerini alyp barýarlar.
   Wagyz-nesihat çäreleriniň dowamynda gatnaşyjylaryň öňünde ýokanç keselleriň öňüni almak baradaku çykyşlar edilýär, olar arassaçylygyň kadalaryny berk berjaý etmeklik, agyz-burun örtükleriniň dakynmaklygyň düzgüneri boýunça gysga metražly wideo rolikler görkezilýär. Şeýle çäreler edara-kärhanalarda, bilim we terbiýe ojaklarynda we harby bölümlrde geçirilýär.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
5857699
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
953
2239
62770
57756
5857699

Siziň IP: 34.239.167.149
2022-06-29