Ýanwar aýynyň 21-ne Daşoguz welaýat kitaphanasynda YUNISEF-iň milli konsultanty Ahmet Babajanowyň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň we meýletinçileriň arasynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini kämilleşdirip, olaryň ata Watanymyza, il-ulusymyza wepaly bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen tanyşdyrma (prezentasiýalar) görkezildi. Ýaşlaryň öz ukyplaryny we başarnyklaryny iş ýüzünde görkezip bilmeklerini gazanmak üçin dürli ýumuşlaryň üsti bilen sorag-jogaplaryň alyşylmagy okuw maslahatynyň täsirini artdyrdy. Maslahatyň dowamynda ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanyp, öz ukyp başarnyklaryny erkin ýüze çykarmak we olary işjeň durmuşa geçirmek baradaky pikirler we teklip-taglymatlary orta atyldy. Şeýle maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.