Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynda 2022-nji ,,Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä TGÝMJ-niň, bilim ulgamynyň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çykyş edenler öz çykyşlarynda 2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halkymyzyň erk-isleginiň beýanydyr hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alyp barýan giň gerimli işlerini, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny giňden wagyz etmäge gönükdirilendir diýip belläp geçdiler. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de dünýä derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagynda bitirýän ägirt uly hyzmatlary üçin döwlet Baştutanymyza minnetdarlyk bildirdiler. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň belli estrada aýdymçylarynyň çykyşlary diňlendi.