Hormatly Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” parasatly ýörelgesine salgylanyp wagyz-nesihat işleri raýatlaryň arasynda talaba laýyklykda ýerine ýetirlýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň işgärleri Mary şäheriniň 28-nji orta mekdebiniň mugallymlaryň, okuwçylaryň, meýletinçileriň gatnaşmagynda welaýat Baş Bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň wekilleri bilen bilelikde sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýurdumyzyň rowaçly ösüşlerini we özgertmelerini giňden wagyz edýän öňüni alyş çäresini geçirdiler. Çärede raýatlaryň arasynda ýokanç kesellerden goranmaklygy, şeýle hem, maşgalada sagdyn durmuş ýörelgelerine salgylanyp arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeklerini, köpçülik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk araçägi saklamaklaryny maslahat berildi. Ýokanç kesellerden goranmakda şahsy arassaçylyk çärelerini berjaý etmek her bir adamyň özüne bagly endikdir. Raýatlarymyzyň saglygyny goramakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak,işleri rowaç bolsun!