BAŞ SAHYPA

    “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda аta Watanymyz barha şanly wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitabyny peşgeş berdi.
    Türkmenstanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynda 2021-nji ýylyň 04-nji oktýabrynda Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu dabara Jemgyýetiň işgärleri we meýletinçileri gatnaşdylar. Dabarany TGÝMJ-niň ýolbaşçylarynyň çykyşy bilen başlandy. Olar hormatly Perzidentimiziň halkyna peşgeş beren “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitabynyň döwlet Garaşsyzlygymyzyň üstünliklere beslenen 30 ýyllyk taryhy ýoluna, agzybirlik, jebislik ýörelgelerimize bagyşlanandygyny aýdyp geçdiler. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň dünýä arenasynda, sebit we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde çykyş edýändigini belläp geçdiler.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
5775019
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
596
1925
37846
62106
5775019

Siziň IP: 3.238.94.194
2022-05-21