BAŞ SAHYPA

   Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen baş taglymyndan ugur alyp, TGÝMJ-niň Mary welaýat bölüminiň işgärleri we meýletinçileri, hyzmatdaşlarynyň ýardamy bilen welaýatyň çäginde edara- kärhanalarda, orta we ýokary okuw jaýlarynda edep-terbiýe, zyýanly endiklerden daşda durmak, ýokanç we ýokanç däl kesellerden goranmak boýunça yzygiderli wagyz-ündew işlerini ýerine ýetirýärler. Çärelerde maglumat beriji kitapçalar ilatyň arasynda paýlanýar. TGÝMJ-niň uly ýaşly meýletinçileri hem öz zähmet çekýän iş ýerinde kärdeşleriniň arasynda işe päsgelçilikleri döretmezden keselleriň öňüni almaga gönukdirilen wagyz işlerini geçirýärler. Ýokanç kesellerden goranmakda her bir adamyň şahsy jogapkärçiliginiň has uly ornunyň bardygyny ilatyň arasynda geçirilýän çärelerde nygtalyp geçilýär.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
5775076
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
653
1925
37903
62106
5775076

Siziň IP: 3.238.94.194
2022-05-21