BAŞ SAHYPA

   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň meýletinçileriniň gurnamagynda tomus dynç alyş möwsüminde okuwçylaryň arasynda “Düzdim” oýny geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport güýjüň, gözelligiň, saglygyň we belent ruhuň utgaşmasydyr. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine we gymmatlyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýän hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy hem üstünlikli ösdürýär. Çagalar hormatly Prezidentimizе jan saglyk, uzak ömür, il bähbitli dünýä ähmiýetli işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler!

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
5775042
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
619
1925
37869
62106
5775042

Siziň IP: 3.238.94.194
2022-05-21