Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy şäher şahamçasy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsuminiň III tapgyrynda dynç alaýn çagalaryň arasynda “Sagdyn durmuş ýörelgeleri” boýunça wagyz-nesihat çäresini gurnady.
    Çärede Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesli halallyk, millilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek we saglygyny goramak maksady bilen häzirki günlerde ýüze çykýan ýaramaz keselleriň öňüni almak barada, keselleriň döremezligini, ýaýramazlygyny gazanmak üçin arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, agyz-burun örtüklerini dakynmaklyk, köpçülik ýerlerinde 2 metr araçägi saklamaklyk, dogry iýmitlenmek, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak barada giňişleýin durlup geçildi.
   Çäräniň soňunda çagalar bilen sorag-jogap alşyldy. Çagalar ýürek buýsançlaryny beýan edip, berkarar döwletimize asuda we bagtyýar durmuşy peşgeş beren milli Liderimize berk jan saglyk we il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.