BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilenine 95 ýyl boldy. Bu geçen döwürde Jemgyýetimizde uly özgerişlik bolup geçdi, uly sepgitlere ýetildi.
   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri hereket edip, häzirki döwürde, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti özüniň 5 welaýat bölümilerinde, 40 etrap we 6 şäher şahamçalarynda jemgyýetiň işine 226 000 gowrak agzalary çekmek bilen, Türkmenistanyň ähli künjeginde hereket edýär. Jemgyýet ynsanperwerlik işine 3000- den gowrak taýýarlykly meýletinçiler öz saldamly goşandyny goşýarlar.
   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurduň jemgyýetçilik we döwlet edaralary, şeýle-de dürli halkara guramalary bilen ýakyndan işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Diňe jebis we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasynda biz ynsanperwer güýçleri adamyň bähbidine jemläp bileris. Ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek soraglary boýunça şeýle hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Içeri işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri bilen ýola goýuldy.
Ilatyň arasynda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ilata adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, Halkara Ynsanperwerlik Hukugynyň esaslaryny öwretmek boýunça, ýaşlaryň arasynda geçirilen çäreleriň diňe bir möçberi boýunça köp bolman, eýsem bu çäreler hil taýdan has ýokary derejede geçirilýär.
Ilata ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi has kämil derejede alnyp barylýar. Kömege mätäç adamlara kömek bermeklige ýurduň içinden hemaýatkärler işjeň çekilip, adamlaryň mätäçligine görä kömekler berilýär.
   Kömege mätäç adamlara durmuş üpjünçilik kömegini bermek bilen bir wagtda Jemgyýet, degişli raýatlaryň gelejekde öz özüni üpjün etmekleri üçin olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek işini hem alyp barýar. Bu babatda, geçen döwürde birnäçe işler amala aşyryldy:
- TGÝMJ-ti Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde mümkinçiligi çäkli çagalar üçin ýöriteleşdirilen internatlarynda, çagalara oba hojalyk işleri boýunça bilim bermek üçin niýetlenen ýyladyşhanalar gurlup ulanmaga tabşyryldy.
- Aşgabat şäherinde we Lebap welaýatynda TGÝMJ-niň düzüminde tikinçilik ussahanalary hereket edip, ol ýerde kömege mätäç maşgalalardan bolan ýaş gyz- gelinler tikinçilik hünärini öwrenýärler.
   TGÝMJ-i adamlara adatdan daşary ýagdaýlarda kömek bermek, ilata tebigy betbagtçylyklarda özüňi alyp barmak endigini öwretmek ýaly örän derwaýys ugurlarda hem amala aşyrýar. Bu ugurda Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň agzasy bolmak bilen, meýilnamalara laýyklykda ilatyň arasynda dürli çäreleri, okuwlary geçirýar. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ammarlarda saklanylmaly eldegirmesiz ätiýaçlyk gorlary artygy bilen üpjün edildi. Bu bolsa, TGÝMJ-niň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk meselesine has jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Aşgabat şaherinde we welaýat bölümlerinde, bolup biläýjek adatdan daşary ýagdaýlarda hereket edýän toparlar döredilip we olaryň bilim derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.
   TGÝMJ-i bu gün diňe bir, Türkmenistanyň çaginde däl-de eýsem, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň düzüm birlikleriniň we Halkara guramalaryň arasynda hem özüni güýçli Jemgyýet hökmünde tanatdy. TGÝMJ-niň başlangyjy bilen soňky ýyllarda Türkmenistanda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň ençeme halkara we sebitara ýygnaklary geçirilip, olarda bütin dünýädaki kömege mätäç adamlaryň bähbidi üçin derwaýys kararlar kabul edildi.
   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti döwletiň ynsanperwerlik işlerinde kömekçi wezipesine eýerip, öz işini milletiň Lideri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň badalga beren il-ýurt bähbitli başlangyçlaryny durmuşa geçirmeklige gönükdirýär. Biziň ýurdumyzyň ösüşler ýoly – bu Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaýynyň ynsanperwer işini kämilleşdirmegiň we özgertmegiň hem ýoludyr.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
4663636
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5466
5288
69102
107645
4663636

Siziň IP: 3.238.173.209
2021-05-13
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi