BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



      Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, Berkarar Döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin Hormatly Prezidentimiziň belent maksatnamalaryny halk köpçüligine düşündirmek, olary durmuşa geçirmekde raýatlarda işjeň gatnaşmak isleglerini döredýän ruhlandyryjy işleri we çäreleri täzeçe gurnamak hem-de täze netijeli usullary ulanyp, yzygiderli düşündiriş işlerini geçirmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Bu ugurda Jemgyýetimiziň işgärleri we meýletinçileri ilat köpçüliginiň arasynda giň gerimli işleri alyp barýarlar. Ýylyň ýylyna Jemgyýetimiziň meýletinçileriniň hatary dürli pudaklarda zähmet çekýän, ýokary, ýörite orta we orta okuw mekdeplerinde bilim alýan höwesli ýaşlaryň hasabyna artdyrylýar. Daşoguz welaýat bölüminde 2020-nji ýylyň dowamynda jemi 120 sany täze meýletinçi kabul edilip, häzirki wagtda olaryň sany 500-e ýetdi.
     2021-nji ýylyň fewral aýynda bolsa, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň mejlisler zalynda täze kabul edilen meýletinçileriniň arasynda Jemgyýetimiziň alyp barýan iş ugurlary, meýletinçilik we ynsanperwerlik we umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz etmek, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketi barada, sagdyn durmuş endikleri we keselleriň öňüni almak çäreleri, ýaşlar bilen şeýle-de ýaşlar üçin işlemek, Jemgyýete täze agzalary çekmek barada okuw çäresi geçirildi. Okuw çäresiniň soňunda meýletinçilere ýörite sertifikatlar gowşuryldy.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Aprel 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 31 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 1 2
4528518
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1492
3168
41629
159984
4528518

Siziň IP: 3.237.20.246
2021-04-14
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi