“Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylan türkmen halky Täze ýylyň ilkinji gününi şatlyk-şagalaňa baý dabaralara besledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaraly bellenjek “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrylan 2021-nji ýylymyzda ösüşleriniň hasam ýokary boljakdygy şu günden äşgär. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp şygary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldanma tapdy. “2021-nji ýyl Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýip dünýä döwletlerine hem ýaýrady. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgelere eýerýän umumadamzat ähmiýetli daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriniň ahlisinde goldaw tapdy. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyjyndan ugur alnyp, parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň, dostlugyň, oňyn gatnaşyklaryň söhbedi giňden tutular, bu ugurda birgiden wajyp resminamalardyr kararlar kabul ediler.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni, jemgyýetçilik durmuşynda, bilim ulgamlarynda her bir pudakda, ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjünde gurlup ulanmaga berilen ýaşaýyş jaý toplumlary, saglyk we medeni-durmuş ähmiýetli binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredip berilýän şeýle giň mümkinçiliklerden talabalaýyk peýdalanyp, günbe-günden ösýän we özderýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bedew batly beýik işleriň depginlerine eýerip biz hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň ýerli wekili, meýletinçileri bilelikde orta mekdeplerde, halk höpçüliginiň arasynda adam saglygyny gorap saklamak, arassaçylyk, tertip-düzgünlerini berjaý etmek, ynsanperwerlik işlerini ýerine ýetirmek barada yzygyderli wagyz- ündew çärelerini geçirip durýarys.
Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyz, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, halkymyzyň asuda, abadan durmuşy we dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklary halkymyzyň jebis we halal zähmeti netijesinde rowaçlanýandygyny aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
Goý, “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly bütin adamzada saglyk, parahatçylyk we ynam serpaý etsin!