Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan watansöýüjiligini, sagdyn durmuş ýörelegesini we ynsanperwerligini wagyz edýan sanly ulgamy arkaly (online trainings) okuwlar gurnaldy.
    Prezentasiýa arkaly geçirilen okuwlarynyň mazmuny we maksady, meýletinçi ýaşlaryň arasynda watansöýüjilik, ynsanperwer ýaly duýgulary hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakdan ybarat boldy.
       Sanly ulgamy arkaly okuwlara Türkmenistanyň 17 sany ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçi talyplary we şol ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary ganaşdylar. Olar geljekde öz deň-duşlaryň we kärdeşleriň arasynda özleşdirilen maglumatlary giňden wagyz ederler.
        Sanly ulgamy arkaly okuwlar Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti “Ilkinji saglyk kömegi”, “Adatdan daşary ýagdaýlarda özüniň alnyp barylmagy” mowzuklar boýunça, Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti “Sagdyn durmuş ýörelegsiniň ähmiýeti” mowzugy boýunça, Türkmen döwlet bedeneterbiýe we sport instituty “Sportuň, bedenterbiýäniň adamyň durmuşynda eýeleýän orny” mozwugy boýunça, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Magytmguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilelikde “Ekologiýa we daşky gurşawy” mowzugy boýunça gurnalyp geçirildi.
    Okuwlar diňleýijilerde uly täsirini galdyrdy, ähli ýokary mekdepleriniň talyplary arasyndaky özara işjeňlik bilen tapawutlanan gyzykly sorag-jogap, pikir alyşmalary, munuň aýdyn subutnamasy boldy.
        Şu many-mazmuny taýdan we täsirli baý taslamasynyň dowam etmegi meýilleşdirilýär, indiki tapgyrda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň goşulmaklaryny bellemek gerek.