Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş beren ,,Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” atly kitaby bilen tanyşdyrylyş dabarasy Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň we meýletinçileriň arasynda geçirildi. Dabarada TGÝMJ-niň işgärleri çykyş edip, ,,Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” atly kitabyň on bölümden ybarat bolup, taryh üçin uly bolmadyk, emma asyrlara barabar bolan döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda edilen işler, ýetilen sepgitler beýan edilýändigini aýtdylar.
Aziýa yklymynda ýeke-täk döwlet hökmünde Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, parahatçylyk söýüji ähli ynsanlaryň durmuşynda taryhy wakalaryň birine öwrüldi, Türkmenistan döwletine, onuň hemişelik Bitaraplyk derejesine goýulýan halkara derejesindäki hormatyň Milli Liderimiziň sebitde, dünýä döwletleriniň we halklaryň dostlugy, abadançylyk we ösüş babatdaky alyp barýan beýik işleriniň aýdyň dabaralanmasydyr.
Bu geçirilen dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň zehin çeşmesiniň berekediniň joşup durmagyny, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlanmagyny arzuw etdiler.