BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



      Ýaşlar bilen işlemek TGÝMJ-niň işiniň ileri tutulýan iş ugurlarynyň biridir. 1998-nji ýyldan başlap TGÝMJ-niň ýaşlar merkezleri ýurduň ähli künjeginde ynsanperwer maksatly işleri durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýärler. Ýaş meýletinçileriň ýüzlerçesi TGÝMJ-niň işgärleri bilen bir hatarda ýaşlar ilatyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda özüňi alyp barmagyň kadalary, ynsanperwer ýörelgeleri we halkara ynsanperwerlik hukugynyň esaslary, keselleriň öňüni almak boýunça bilimleri ýaýratmak, ilatyň kömege mätäç toparlaryna berilýän ynsanperwerlik kömegini öz wagtynda ýetirmek ýaly işlere işjeň gatnaşýarlar. Şeýle çärelerde TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçi ýaşlary hem öz saldamly goşandyny goşýarlar.
      Ýurdumuzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet bolup ýetişmeklerinde öz goşandyny goşmak TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň esasy wezipeleriniň biridir. Geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri ýaş meýletinçileriň ýokary jogapkärçiligine, olaryň gözýetiminiň has giňdigine şaýatlyk edýär.
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi 2021-nji ýylda hem, meýletinçilik medeniýetini ýaýbaňlandyrmaklygy, TGÝMJ-niň jemgyýetçilik çärelerine we jemgyýetçilik bileleşikleriniň durmuşyna ýaşlaryň we ýaşuly adamlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmaklygy özüne maksat edinýär.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we