2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 29-30 aralygynda ,,Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) meýletinçileri üçin onlaýn okuw çäresi geçirildi. Okuw çäresinde Aşgabat şäherinden we welaýatlardan jemi 30 sany meýletinçi we 27 sany işgär gatnaşdylar. Okuw çäresi, TGÝMJ-niň ähli iş ugurlary boýunça meýletinçileri taýýarlamaklyga gönükdirildi. Okuw çäresi, TGÝMJ-niň Baş direktory G.M.Döwletowanyň ýaşlara ýüzlenmesi bilen başlandy. Baş direktor öz çykyşynda Jemgyýetiň işinde meýletinçileriň orny barada aýratyn durup geçdi. Meýletinçiler hem öz gezeginde, Baş direktory geljekde-de TGÝMJ-niň işine işjeň gatnaşmaga höweslendiren öwüt-ündew sözleri üçin minnetdarlyk bildirdiler. Okuw çäresiniň dowamynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň döreýşi, Halkara Ynsanperwerlik Hukugy, мeýletinçilik hereketiniň taryhy, TGÝMJ-niň taryhy we ýerine ýetirýän wezipeleri, adatdan daşary ýagdaýlarda dolandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, TGÝMJ-niň işinde meýletinçileriň orny, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik işi, ýsanperwerlik kömegi ýaly mowzuklar boýunça çykyşlar gurnaldy. Wideo şekiller hem görkezildi. Meýletinçiler toparlaýyn işlere hem işjeň gatnaşdylar. Okuw çäresiniň soňunda Aşgabat şäheriniň meýletinçileri geçilen mowzuklar boýunça soragnama taýýarlap, ähli welaýatlarynyň meýletinçilerine soragnama bäsleşik esasynda gatnaşmaklaryny teklip etdiler. Bäsleşigiň şertlerine görä, dogry jogaby onlaýn söhbetdeşlige biriji ýazan welaýat bölümi ýeňiji diýlip yglan edildi. Soragnama bäsleşigi, geçilen mowzuklary gaýtalamak üçin tabşyryk bolup, ol meýletinçileriň özara jebisleşmegine ýardam berdi.