Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ilatyň jan saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek meselesi döwlet derejesinde üns merkezinde saklanýar. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasatynyň Baş müdirliginiň wekilleri bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatlaryny wagyz etmek, nesil saglygyny gorap saklamak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek we ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Welaýat bölüminiň hünärmenleri ýaşlara sport bilen meşgullanmak arkaly sagdyn jemgyýet gurup boljakdygy, sagdyn jemgyýetiň üstünliklere ynamly gadam goýup, kuwwatly döwleti emele getirýändigi hem-de ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmekde döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi barada gürrüňler berdiler.