TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen milletler Guramasynyň “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek” atly maksatnamasynyň wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen tanyşdyryş okuw maslahatyna gatnaşdylar. Okuw maslahatynda bilelikdäki maksatnamanyň maksady, wezipeleri, garaşylýan netijeler we ýetilen sepgitler barada giňişleýin gürrüň berildi.