Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzy türkmen halkynyň iň asylly däplerinde terbiýelemek boýunça öwüt-ündewlerinden ugur alyp, ,,Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň“ taslamasyny işläp düzmekde ýardam bermek maksady bilen, dünýädäki öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda, 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 12-den 16-y aralygynda TGÝMJ-niň Merkezi edarasynyň we welaýat bölümleriniň hünärmenleri we meýletinçileri beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde sanly ulgam boýunça çärä gatnaşdylar. Okuw çäresi Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň halkara eksperti Mariýanna Surkanyň gatnaşmagynda geçirildi. Okuw çäresiniň dowamynda ýaşlar syýasatyny taýýarlamakda, ony durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny boýunça sebitde öňdebaryjy tejribeler mysal getirildi. Okuw çäresiniň dowamynda Türkmenistanly ýaşlar, maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýetilen üstünlikler hakyndaky soraglary ara alyp maslahatlaşdylar we geljek maksatnamada ulanyp boljak, öz ýurdumyza mahsus iş ugurlaryny işläp düzdüler. Geçirilen çärede türkmen ýaşlary öz sowatly işjeňligini görkezmegi has-da buýsandyryjydyr. Ýaşlar- biziň ýurdumyzyň geljegidir!