Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen bilelikde baýramçylyk çäresini geçirdiler. Çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň ,,Saglyk“ Döwlet maksatnamasy, ondan gelip çykýan wezipeler, Gahryman Akradagymyzyň eserlerinde, kitaplarynda sagdynlyk düşünjesiniň beýany, şeýle-de sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde,,Il saglygy - ýurt baýlygy“ Döwlet saýasaty esasynda alnyp barylýan ählumumy işler hem-de sagdyn bolmakda her bir adamyň öz jogapkärçiligi barada aýdyp geçdiler.
Baýramçylyk çäresinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ,,Bagtyýar owazlar“ medeni merkeziniň aýdym sazly çykyşlary diňlendi.